Biz barada

«AŞGABAT GOLF KLUB» APJ
«Zehinli Group» kärhanalar birleşmesiniň düzümine 2020-nji ýylda goşuldy. Kompaniýanyň baş maksady – sportuň Türkmenistan üçin belli bir derejede täze bolan bu görnüşini giňden wagyz etmekden ybaratdyr.
Furkat Aýdaşew Türkmenistanyň Golf federasiýasynyň Başlygy bolup durýar. Federasiýanyň düzümine «Zehinli Group» kompaniýalarynyň bu ugurdaky işiň maliýe, maglumat beriş we beýleki goldawyny üpjün edýän ýökary we orta derejeli gurluş düzümleriniň ýolbaşçylary girýärler.
TÄSIN PEÝZAŽ DIZAÝNY
Golf-klubyň deňsiz-taýsyz landşaft taslamasy «Nicklaus design» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy, oňa «Altyn aýy» tahallusy bilen has giňden tanalýan meşhur amerikaly ussat golfçy Jek Niklaus baştutanlyk edýär.
Ol golf-meýdançany taslamalaşdyrmak işiniň her bir tapgyryna gönüden-göni özi berk gözegçilik etdi. Jemi 18 lülesi bolan ajaýyp golf-meýdany Aşgabadyň gözel dagetek künjeginiň tebigatyna inçeden sazlaşýar.
Golf-klub tutýan jemi meýdany 70 gektara deňdir, bu ýerde şol sanda golf oýnalýan ýöriteleşdirilen meýdançalar, şeýle-de klubyň häzirki zaman sport enjamlary bilen doly enjamlaşdyrylan döwrebap binasy ýerleşýär.
Golf üçin niýetlenen ýörite maksatly enjamlardan we meýdançadan başga-da, «Aşgabat Golf Klub» APJ-i öz müşderilerine iň täze nusgadaky sport trenažýorlary bolan döwrebap fitnes-zal hyzmatlaryny hödürleýär.







Bu golf klubynyň maşgalaňyz, dostlaryňyz, garyndaşlaryňyz bilen ajaýyp dynç alyş, şeýle hem işewür gepleşikler we dynç alyşlar üçin paýtagtda ajaýyp ýere öwrüljekdigine ynanýarys.
Saýlanyňyz üçin sag bolsun aýdýarys.